Green Card Kabul Ediliş 2021 | Green Carda Resminama Tabşyrmak

Green Card Kabul Ediliş 2021 | Green Carda Resminama Tabşyrmak

Green Carda Resminama Tabşyrmak

 

Hemmäniň arzuwyny etdigi GREEN CARD Näme we Nähili Peýdasy Bar?

 

Dünyaniň iň güýçli döwletlerinden biri bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlary yurduň medeniýet köpdürliligini artdyrmak maksady bilen her ýyl dünýäniň ençeme ýurtlaryndan migrant kabul edýär.

Beýle ösen ýurdyň raýaty bolmak üçin dünýäniň hemme ýerinden gaty köp isleg bildirilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary her ýyl takmynan 55.000 adama raýatlyk berýär. Green card çekilişi 1990-njy ýyldan bäri her ýyl kadaly ýagdaýda dowam etdirilýär.

Green card çekilişini gazanan raýatlar adaty ABŞ-nyň raýatlaryna mahsus bolan yaşamak we işlemek ýaly hukuklardan arkaýyn peýdalanyp bilýärler. Eger isleyän bolsalar bäş ýyl wagt geçenden soňra doly Amerika raýatlyk hukukyny almaga hem synanyşyp bilýärler.

Green card gazanmak mümkinçiligi hemme ýurda deň derejede paýlanan bolup gazananlar kompýuter tarapyndan awtomatiki usulda seçilýär. Green Card gazanmak şansyňyzy has hem artdyrmak üçinem berlen maglumatlaryň ýalňyşsyz we kemçiliksiz beýan edilmegi zerur bolup durýar.

Green Card gerekli bolan şertleriň biride iň az orta mekdebi gutaran ýada şol derejede bir okuwy tamamlan bolamgyňyz gerek. Eger siz orta mekdep ýa-da şonuň bilen deň derejede bolan bir okuwy tamamlamadyk bolsaňyz, onda iň az iki ýyllyk bir iş tejribä eýe bolmagyňyz gereklidir.

Green Card Gazanan Raýatlar Haýsy Hukuklara Eýe Bolup Bilerler?

  •  Green Card gazanan raýatlar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda çaksiz galmak, ýaşamak we zähmet çekmek hakyna eýe bolup bilerler.
  • Green Card hakyny gazananlar Amerikada öz şahsy firmalaryny hem arkaýyn gurup bilerler.
  • Green Card eýeleri döwlet tarapyndan tölegsiz okamak mümkinçiligine hem eýe bolup bilerler.
  • Green Card gazananlar şol sanda Amerikada sürüjilik şahadatnamalaryny almaga we ABŞ-a bagly bolan hemme ştatlara syýahat etmäge hem eýe bolup bilerler.
  • Green Card bilen rayatlar islendik bir ýurda wizasyz gidip syýahat etmek mümkinçiligini hem elde edip bilerler.

 

Green Carda Resminama Tabşyrmak

Şunlara Bakabilirsin

Türkiyenin en iyi üniversiteleri

Türkiyenin en iyi üniversiteleri

Türkiyenin en iyi üniversiteleri listesi her sene güncellenmekte. Dünyanın en iyi üniversitelerinin sıralandığı Times Higher …

Bir yanıt yazın

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir