Türkiyede okuw | Synagsyz uniwersitet

Türkiyede synagsyz uniwersitet

      Siz hem Uniwersitet talyby bolmak isleyanizmi?!
                                              Synagdan geçmezmikam diyip pikir edyanizmi?!
                Alada etman! “PROFMET”-in kömegi bilen Uniwersitede yerleşmek öran ansat.
                                                                ÜSTESİNEDE SYNAGSYZ!

Hut şu wagt, Uniwersitet programmalary bilen wezipande beygelmek, hunar derejanı yokarlandyrmak, höwes eden bölümünde okamak we arzuw-isleglerini amala aşyrmak mümkinçiligi öz elinde. Eger senin Uniwersitet okamak arzuwyn bar bolsa, TÜRKİYE sana garaşyar!

 

Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamadaky (atestat) bahalaryň netijesi boýunça daşary ýurt talyplaryny okuwa kabul edýär. Her bir ýokary okuw jaýynyň resminamalary kabul ediş seneleri we şertleri bir-birinden tapawutly bolmak bilen, umuman alanyňda öňümizdäki günlerde resminamalary kabul edilişik seneleriniň halk köpçüligine ýetirilmegine garaşylýar. Şol sebäpli, Türkiýäniň ýokary okuw jaýynda bilim almak isleýän dalaşgärler resminamalaryny taýýarlamak möwsümine girişdi. Türkiýäniň Aşgabatdaky Bilim Geňeşçisi hormatly Zübeýir Ýylmazyň ýaňy-ýakynda   eden söhbetdeşliginde beren maglumatyna görä, Geňeşlik talaba laýyk we dogry terjime edilen talyp resminamalaryny bir güniň dowamynda tassyklap berýär. Şol sebäpli Türkiýede ýokary bilim almak isleýän raýatlar, resminamalaryny talaba laýyk we dogry terjimesini üpjün etmeli, soňra, Türk Bilim Geňeşliginde tassyk etdirmeli bolup durýar. Uniwersiteti gazanan talyplar Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasyndan talyp wizasyny almalydyr. Şonda, köp resminamalary täzeden terjime etmezlik we iki gezek terjime çykdajysyny etmezlik üçin, ilki başdan Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň tassyk edýän terjime merkezleri bilen işleşmek talyplar üçin bähbitli bolup durýar.

 

Dalaşgärler ähli resminamalar taýyn bolandan soňra göniden-göni degişli uniwersitetiň yglan eden senelerinde şol ýokary okuw jaýynyň resmi saýtlarynyň üsti bilen resminamalary tabşyryp bilerler. Emma, gerek bolan ýagdaýda degişli ýurduň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýän Maslahatçy kompaniýalara hem ýüz tutup bilerler.

 

Gerekli Resminamalaryň sanawy

 

Türkmenistanyň raýatynyň biometrik pasportynyň nusgasy,

Pasportlaryň  Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň (bilim geňeşligi) tarapyndan tassyk edilen terjimesi

Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň (atestat) nusgasy

Atestatyň Türkiýäniň Aşgabatdaky Bilim geňeşligi ýa-da Ilçihanasy tarapyndan tassyk edilen Türk dilindäki terjimesi

Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň (atestat) Türkiýäniň bilim ulgamy bilen barabarlygy barada Türkiýäniň Aşgabatdaky bilim geňeşliginiň tassyknamasy,

Orta bilim ulgamynyň soňky 3 ýylynyň bahalarynyň ortaça görkeziji baradaky resminama, terjimesi we Türkiýäniň Aşgabatdaky bilim geňeşliginiň tassyknamasy.

 

 

Eger Siz, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryna resminamalary tabşyrmak boýunça maslahat hyzmatlaryny almak isleýän bolsaňyz, onda, bize  ýüz tutup bilersiňiz! Türkiýäniň kanunçylygyna laýyklykda Stambul şäherinde esaslandyrylan kompaniýa, Türkmen we Türk dillerinde hyzmat berýär.

Siz okamak isleýän ugruňyzy saýlaň, biz okuwa kabul hatyňyzy alyp bereliň!

Türkiyede synagsyz uniwersitet

Şunlara Bakabilirsin

Türkiýede Gaýybana Okuw | Gaýybana Uniwersitet Okamak

Türkiýede Gaýybana Okuw | Gaýybana Uniwersitet Okamak

Türkiýede Gaýybana Okuw | Gaýybana Uniwersitet Okamak Türkiýede Gaýybana Okuw | Gaýybana Uniwersitet Okamak   …

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Open chat
1
Merhaba Size Nasıl Yardımcı Olabilirim
Powered by