Daşary ýurt döwletinde berlen diplomy ykrar etmek

Daşary ýurt döwletinde berlen diplomy ykrar etmek üçin zerur resminamalaryň sanawy

Daşary ýurt döwletinde berlen diplomy ykrar etmek üçin zerur resminamalaryň sanawy

Daşary ýurt döwletinde berlen diplomy ykrar etmek üçin zerur resminamalaryň sanawy:

1. Arza (bellenen nusga boýunça) – 2 sany (el ýazuwynda);
2. Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa;
3. Bellenen nusga boýunça özi we üç arkasy barada maglumat (nusga boýunça) – 2 sany
4. 4 sany 3х4 fotosurat;
5. Görkezilen nusga boýunça okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnama1
(türkmen diline terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
6. Türkmen diline resmi terjime edilen Diplomyň 2 sany göçürmesi (GDA agzasy bolmadyk
ýurtlarda berlen diplom kanunlaşdyrylan bolmaly);
7. Türkmen diline resmi terjime edilen diplomyň goşundysynyň (ýa-da Diploma Supplement)
– 2 sany göçürmesi;
8. GDA agza ýurtlaryň okuw mekdepleriniň akkreditasiýasynyň (terjimesi bilen) okuw
mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan – 2 sany nusgasy.
9. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama
getirmeli (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
10. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler ilki okan ýerinden akademik kepilanama
getirmeli (terjimesi bilen) – 2 sany (akademiki kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan
halatynda, okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan nusgasy hökman bolmaly);
11. Resminamanyň eýesiniň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk,
epidemiýa, pandemiýa we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli daşary ýurt
döwletiniň hünär bilimi edarasy tarapyndan kabul edilen bilim maksatnamalaryny elektron
okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly durmuşa geçirmegi dowam etmek
barada namasy (terjimesi bilen) – 2 sany (asyl nusgasy we 1 sany göçürmesi);
12. Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
13. Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň göçürmeleri – 2 sany;
14. Türkmenistana we okan ýurdyna giriş we çykykşlary barada (nusga boýunça) düşündiriş;
15. Bir sany Papka (20 faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl;
16. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany nusgasyny getirmeli (iş
kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly);
17. Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, orta hünär
bilimiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky
resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň terjime
edilen göçürmeleri we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň nusgasy – 2 sany.
♦ Resminamalaryň terjimeleriniň ählisi möhürlenen we asyl nusagada bolmaly.

beýleki makalalar:

Türkmenistanda Diplomy Tassyklanýan Türkiýedäki Uniwersitetleriň Sanawy 2023

Türkiýede Uniwersitet Okamak

Şunlara Bakabilirsin

Türkiýede Gaýybana Okuw | Gayybana Uniwersitet Okamak

Türkiýede Gaýybana Okuw | Gayybana Uniwersitet Okamak

Türkiýede Gaýybana Okuw | Gaýybana Uniwersitet Okamak Biz Dünyäniň ähli ýerinden gelen talyplara Türkiye Respublikasynda …

Bir yanıt yazın

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir