SAT Synagy Näme

SAT Synagy Näme? | SAT Synagyna Türkmenistanda Nadip Girip Bolya?

SAT Synagy Näme?

SAT synagy, dünýäde iň giňden kabul edilen uniwersitet giriş synagydyr. Bu synag baly bilen halkara talyp statusynda bolan dalaşgarler Amerikanyn we şol bir sanda Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinden birini gazanmak mümkinçiligini elde edyar. Yagny  siz Türkmenistan raýaty bolsaňyz halkara talyp statusynda hasaplanyarsynyz.

Bu makalada sizlere SAT (SAT1) we SAT Subject (SAT2) synaglary barada maglumat bereris.

SAT Synagy Näme?

SAT (Scholastic Aptitude Test) ABŞ-da garaşsyz gurama bolan Collage Board tarapyndan gurnalan uniwersitet giriş synagydyr. SAT synagy üç bölekden ybarat. READİNG, WRİTİNG AND LANGUAGE ve MATH  bölümlerinden ybarat. Bu synag üç sagat dowam edýär, ýöne ESSAY goşsaňyz, ýene 50 minut goşulýar.

SAT READİNG bölümi 52 soragdan ybarat we jemi 65 minut alýar. Taryh we psihologiýa ýaly dürli ugurlardan soraglar bar. Bu bölüm takmynan bäş abzasdan ybarat we her abzasda 10-11 sorag bar. Reading bölüminde, her soraga bir minutdan köprak wagt bar.

Ikinji bölüm, WRİTİNG AND LANGUAGE 44 soragdan ybarat we 35 minut dowam edýär. Bu bölüm iňlis diline düşünişiňizi we iňlis dilindäki ukybyňyzy ölçeyär. Esasanam nädogry manylar we ýazgylarda ýalňyşlyk galdyrylýar. Bu ýazgylardaky yalnyşlyklary we nädogry manylary siziň düzeltmegiňize garaşylýar. Grafikalar käbir soraglarda ýoldaş bolup biler.

SAT MATH bölümi iki bölekden ybarat. Birinde kalkulýator ulanyp bilersiňiz. Beýlekisinde bolsa ulanyp bilmersiňiz. Kalkulýator ulanyp bolmayan birinji bölümde 20 sorag bar we 25 minut dowam edýär. Her niçigem bolsa bu bölümde köp bir kalkulýator gerek däl. Meseläniň logikasyna düşünip, gysga wagtyň içinde jogap berip bilersiňiz.

SAT MACH 2-nji bölüm, her soraga iň köp wagt sarp etjek bölümimiz. Bu bölüm 38 soragdan ybarat we 55 minut dowam edýär. C1, meseläni çözmek we maglumatlary derňemek ýaly sorag görnüşleri bar. Bu bölümde kalkulýator ulanylýar, ýöne ylmy kalkulýator ulanmaly. Internet birikmesi bolan enjamlar hiç haçan ulanylmaýar.

SAT-da bu üç bölümden başga-da ESSAY bölümini alyp bilersiňiz. ESSAY bölüminde size berlen tema barada düzme ýazýarsyňyz. Adatça ESSAY bölümini hem almagyňyzy maslahat berýäris. Sebäbi SAT ESSAY daşary ýurtda okamak üçin dokument tapşyranynyzda peyda berýär.

 

SAT Synagy Näme?

Indi SAT synagynyň başga bir görnüşi bolan SAT SUBJECT‘e geçýäris. SAT SUBJECT bölümi 20 dürli ugurdan ybarat. SAT SUBJECT synagy SAT synagyna alternatiwa däl-de, özi aýratyn bir synag.SAT SUBJECT synagy bir sagat dowam edýär. Emma her ugurdaky soraglaryň sany birmeňzeş däl. Mysal üçin, Matematikadan 50 sorag bar bolsa, Fizikadan 75 sorag bolup biler.

Şeýlelik bilen, SAT SUBJECT ekzamenini tabşyrmak hökmanmy? Hökman däl ýöne SAT SUBJECT ekzamenine girmek size köprak mümkinçilik berýär.

SAT Skorları  400 bilen 1600 bal aralygynda. 1600 iň ýokary bal, 400 iň pes bal. SAT ballary algoritm bilen hasaplanýar. Mysal üçin, oktýabr aýynda ekzamen tabşyrdyňyz we 4 ýalňyşlyk goýberdiňiz. Ondan alan balyňyz 1550. Yöne, dekabr aýynda ekzamen tabşyranyňyzda 4 ýalňyşlyk goýbereniňizde 1580 bal alyp bilersiňiz.

 SAT synagynda näçe bal gazanmak gowy?

Bu, okuwa girjek döwletinize,bölümiňize we uniwersitediňize baglydyr. Mysal üçin, Türkiyedaki uniwersitetler in pes 1000-1100 bal, Amerikadaky uniwersitetler bolsa 1300-1400 bal sorap biler.

SAT synagyna Türkmenistanda nadip girip bolya?

SAT synagy her yyl birnaçe gezek geçirılyar.Bu ekzameniň güýji 2 ýyl we bu ekzamene naçe gezek islesenizde girip bilersiňiz. SAT we SAT SUBJECT ekzamenlerine 11-nji synpda ýa-da okuwy gutaranyňyzda girip bilersiniz

SAT synag anketalary http://sat.collegeboard.org/home internet sahypasynda onlaýn ýagdaýda doldurulyar. ýüz tutjak dalaşgärler ilki bilen ulanyjy hasaby döretmeli.

Soň bolsa, ekzamene girjek ýurduna we şäherine görä synag merkezini we senesini saýlap, synaga girip bilerler.

Size synaglarynyzda üstünlik arzuw edýäris!

 

Soraglarynyzy teswirlerde galdyryp bilersiniz!

 

Açar sözler: SAT synagy näme?, SAT Synagyna Türkmenistanda Nadip Girip Bolya?, SAT synagynda näçe bal gazanmak gowy?, SAT SUBJECT name, sat synagy bn amerikada stipendiyaly okuwa girmek, sat synagy barada, sat synagy bn abş-da yokary okuw jayyna girmek, sat synagy bn türkiyede uniwersitede girmek,

Şunlara Bakabilirsin

Türkiyenin en iyi üniversiteleri

Türkiyenin en iyi üniversiteleri

Türkiyenin en iyi üniversiteleri listesi her sene güncellenmekte. Dünyanın en iyi üniversitelerinin sıralandığı Times Higher …

7 Yorumlar

  1. Salam SAT synagy tabsyrjak bolyan dasary yurtda okamak ucin hacan we nirede, nahili tabsyryp bilern

    • Salam,

      SAT synagyna Türkmenistanda nadip girip bolya?

      SAT synagy her yyl birnaçe gezek geçirılyar.Bu ekzameniň güýji 2 ýyl we bu ekzamene naçe gezek islesenizde girip bilersiňiz. SAT we SAT SUBJECT ekzamenlerine 11-nji synpda ýa-da okuwy gutaranyňyzda girip bilersiniz

      SAT synag anketalary http://sat.collegeboard.org/home internet sahypasynda onlaýn ýagdaýda doldurulyar. ýüz tutjak dalaşgärler ilki bilen ulanyjy hasaby döretmeli.

      Soň bolsa, ekzamene girjek ýurduna we şäherine görä synag merkezini we senesini saýlap, synaga girip bilerler.

      Size synaglarynyzda üstünlik arzuw edýäris!

  2. Akmenli Kowusowa

    Slm sat egzaminlar hcn baslaya hcn tawsrp bilerin synag haysy dilde bolyar

  3. Salam men SAT tabsurjak bolyan hacan tabsyrmaly

  4. salam men egzamin tabsyrjak bolyan.haçan baslayaka egzaminleri we inlis d tabsyrmalymy

  5. salam men okuwa girmek un egramina gatnasmak isleyan nirede we haçan online usti bn tabsyrylya.

Bir yanıt yazın

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir